milli goshun logo
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
19 sagat öň 20 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy.

ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.

Geoseýilgähler milli we sebit kanunçylygynyň çäklerinde goralmaly halkara geologik ähmiýetli obýektlerdir landşaftlary öz içine alýan birleşen geografik zolaklardyr. Olaryň esasy maksady sebitiň geologik hem-de geologik däl mirasyny goramakdan, olary ylmy we syýahatçylygy ösdürmek üçin meýdança hökmünde ulanmakdan ybaratdyr. Olar ýerli landşaftyň taryhyny, daşky keşbini açyp görkezýär we adam bilen tebigatyň arasyndaky, şeýle hem adamzat jemgyýetiniň içindäki özara gatnaşygy üpjün edýär.

Mejlise gatnaşyjylara geoseýilgähleri döretmek işiniň yzygiderliligi, bu ugurda halkara tejribeler we gurama tarapyndan edilýän talaplar barada maglumat berildi. Türkmenistanda şeýle obýektiň döredilmegi milli tebigy mirasy gorap saklamakda, ekosyýahatçylygy ösdürmekde möhüm ädim bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň geoseýilgählerini döretmek meselesi öwrenilýär. Ýurdumyzda özboluşly geologik obýektler bar. Şunda Garabogaz aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mundan başga-da, läbik wulkanlar bolup, olar halkara ähmiýetli geologik miras derejesine eýedir. Bu sebitlerde geoseýilgähleriň döredilmegi diňe bir tebigy baýlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli ykdysadyýeti goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, ekosyýahatçylygy ösdürmek, sebitiň geologik mirasynyň ähmiýeti barada ilatyň bilimini artdyrmak babatda-da wajyp ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde garalan aýratyn mowzuklaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, degişlilikde, «Parahatçylygyň dilleri», «Parahatçylygyň medeniýeti», «Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy», «Dermanlyk ösümliklerimiz — saglygymyz, mirasymyz», «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klublary hereket edýär. 2025-nji ýylyň 5-nji aprelinde bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Parahatçylyk we ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly altynjy klub açyldy.

Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.