milli goshun logo
Ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
29.03.2025 212 Habarlar

Düýn - 28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi. Hususan-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiňi berilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan bu düzümiň durmuşa geçirýän işleri barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.