2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda
Portugaliýanyň Porto şäherinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji
mejlisiniň çäginde Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly:
howpsuz we durnukly gelejek üçin köptaraplylygy berkitmek” atly ugurdaş çäräni
geçirdi. Bu başlangyç Türkmenistanyň teklibi bilen yglan edilen Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň
web-saýtynda habar berilýär.
Çärede gutlag sözleri bilen ÝHHG-niň
Parlament Assambleýasynyň başlygy Pia Kauma, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň
Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Fara Karimi, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň
parlamentleriniň wekilleri çykyş etdiler.
Gatnaşyjylar halkara parahatçylygy,
durnuklylygy we dialogy ösdürmegiň täsirli mehanizmi hökmünde bitaraplygyň
ähmiýetini bellediler. Durnukly we howpsuz halkara gurşawyň esasy hökmünde
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, köpçülikleýin jogapkärçiligi we özara hormaty
berkitmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasatyny durmuşa geçirmek tejribesiniň ynanyşmagy we medeniýeti ösdürmek nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýändigini bellediler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň parlament diplomatiýasyny pugtalandyrmak hem-de ÝHHG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin platforma hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy.