milli goshun logo
Ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady
Ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady
27.12.2023 2231 Harby Bilim

Şu gün – 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bu forumda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, oýlap tapyşda, sportda we bedenterbiýede, ykdysadyýetde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda, oba hojalygynda türkmen ýaşlarynyň zehini, ukyp-başarnygy bilen ýetilen ajaýyp üstünliklerimiz giňden şöhlelendirilipdir. Halkara sergä aýlanyp göreniňde, ýaşlaryň yhlasy, ylhamy siňen şeýle ýeňişlerimizi buýsanç bilen synlamak bolýar.

Hawa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir pursadynda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna ösüş-özgerişler ýaran boldy. Şu ýylyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda çap edilen okuw kitaplaryny, çeper eserleri, gollanmalary, talyp ýaşlaryňdyr mekdep okuwçylarynyň halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde gazanan ýeňişlerini, sportda äleminde türkmen ýaşlarynyň mynasyp bolan orunlaryny, öz ýurdumyzda öndürilen milli öwüşginli sport egin-eşiklerini, umuman alanyňda, ähli pudaklarda ýaşlar ýylynyň rowaç gadamlaryny özünde jemleýän sergi meýdançalary hem, munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli sergi meýdançasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň kuwwaty, ata Watanymyzyň asudalygy, eziz Diýarymyzyň hukuk esasy dabaralandyrylýan işler açylyp görkezilýär.

         Sergi öz işini dowam edýär. 

         Bular barada multimedia bölüminden degişli suratlary synlap bilersiňiz!