Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň
merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe
öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan
bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ykdysadyýetiň
pudaklarynda gazanan üstünlikleriniň, milli we halkara derejeli ýaryşlarda,
olimpiadalarda gazanan ýeňişleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar üçin gymmatly gollanma
bolup hyzmat edýän kitaplaryna aýratyn orun berildi.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy
noýabrynda esaslandyrylan gününden bäri beden we ruhy taýdan sagdyn,
zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça
giň gerimli işleri alyp barýar. Guramanyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny,
beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de
bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak, olary
has-da höweslendirmek boýunça degişli bäsleşigi yglan etdi. Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň,
welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi.
Şolardan 141-si bolsa ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Soňra ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn
tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
boldy. Bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar gezekli-gezegine sylagyny kabul
etdiler. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýatda,
sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy
goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän
beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy
ähmiýetini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip,
zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlardyr. Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragyna mynasyp bolan ýaşlar degişli şahadatnamalary we hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary buýsanç bilen kabul etdiler.