milli goshun logo
Täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
Täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
18.04.2024 519 Habarlar

Düýn Mary şäheriniň Mary – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ähli amatlyklary bolan iki gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi.

Welaýatyň edara ediş merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ojar Aziýa» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, täze jaýlarda saçaklar giňden ýazylyp, gelin we jaý toýlary tutuldy.

Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalaryň döwletimiziň häzirki döwürdäki okgunly ösüşlerini alamatlandyrýandygyny bellediler.