Şu
gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.
Täze
taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge
gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Tutuş halk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň
möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge ygrarlydygyny
alamatlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda
alnyp barylýan ekologiýa strategiýasy diňe bir milli bähbitleri öz içine alman,
eýsem, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ählumumy meseleler bilen hem
berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ekologiýa
diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we «ýaşyl»
ykdysadyýete geçmek ugrunda wajyp ädimler ädilýär.
Ählihalk
bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, jemgyýetde jebisligi
pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-durmuş wakasydyr. Ol ýaş nesilde
tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini
kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny oturtmak
çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet
syýasatynyň aýratyn ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge,
türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Netijede,
paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen
gurşalýar.
...Şu
gezekki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary
hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.
Hormatly
Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine —
paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň günorta-günbatar tarapyna geldi. Dabara
gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat
ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite
taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman
Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş etdi. Soňra hormatly
Prezidentimiz bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna
badalga berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä
gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň
asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna
laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.
Dabara
gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag
nahallaryny oturtmaga girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň
toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý
zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Giň
möçberli bag ekmek çäreleri ekologiýa medeniýetini has-da kämilleşdirmäge,
jemgyýetimizde agzybirlik we ruhubelentlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga itergi
berýär. Her bir ekilen nahal, döredilýän täze tokaý zolaklary geljek nesiller
üçin arassa hem-de sagdyn daşky gurşawy üpjün etmegiň, eziz Watanymyzyň gözel
tebigatyny gül açýan bossanlyga öwürmegiň aýdyň beýanydyr. Milli tokaý
maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda biologik köpdürlüligi
gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga şert döredýär.
Ylmy çemeleşmeler esasynda alnyp barylýan bu işler tokaý zolaklarynyň howanyň
üýtgemegine garşy durnuklylygyny artdyryp, sebitde amatly howa gurşawyny üpjün
edýär.
Halkara
guramalar, şol sanda BMG-niň degişli düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk
ekologiýa ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, önümçilige innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ýurdumyzda
alnyp barylýan işleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň
onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän
başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň
hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny,
BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral
meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň
ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.
...Çäräniň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän
ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň
çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna möhüm ähmiýet
berilýändigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri hemişe
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz sebitiň ekologik taýdan iň arassa şäherleriniň biri bolan Aşgabat
üçin bag ekmek çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, paýtagtymyzy mundan
beýläk-de ösdürmek, durmuş infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri
hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Aşgabat
şäheriniň, Watanymyzyň beýleki künjekleriniň ýaşyl zolaklar bilen gurşalmagy
ýaşaýyş üçin amatly şertleri döredýär. Paýtagtymyzyň halkara derejedäki abraýly
baýraklara we güwänamalara mynasyp bolmagy ýurdumyzda tebigaty goramak babatda
amala aşyrylýan işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden
goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl,
eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek
üçin geljegi uly meýdança hökmünde Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim
bolşy ýaly, bu şäherdäki tapgyrlaýyn işler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde
özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek
üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär,
daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar.
Arkadag
şäheriniň mysalynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň şähergurluşyk syýasatynda hem
«ýaşyl» standartlar, ekologik howpsuzlyk baş ýörelge hökmünde kesgitlenilýär.
Ýokary tehnologiýaly «akylly» şäher konsepsiýasy tebigat bilen tehnologiýanyň
sazlaşykly utgaşmagyny üpjün edip, geljekki gurluşyklar üçin nusgalyk bolup
durýar. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň
ýetişdirilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny
üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň oturdylmagy ilatly ýerleri
epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle-de gür baglaryň sil suwlarynyň
täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde
ähmiýetlidigini bellemek gerek.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
hormatly Prezidentimizi şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň üstünlikli
geçmegi bilen gutlady.
Türkmenistanyň
Milli tokaý maksatnamasy tokaý hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň
üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýän esasy resminama
bolup durýar. Ol tokaýlary durnukly dolandyrmaga, olary gorap saklamaga,
ekologiýa we ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň
çäklerinde tebigy tokaýlary gorap saklamak, emeli tokaý zolaklaryny döretmek,
ekoulgamlaryň we tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny artdyrmak
boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem bu resminama ýurdumyzyň dürli
sebitleriniň toprak-howa şertlerini, tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklaryny
nazara almak bilen, birnäçe beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar. Milli
tokaý maksatnamasy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada Milli
strategiýasyndaky wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, ekologiýa
meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.
Suw
serişdelerini rejeli peýdalanmak, önümçilige we oba hojalygyna suw tygşytlaýjy
döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Bu çäreler ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde tebigy
deňagramlylygy üpjün etmäge, suw baýlyklaryny geljek nesiller üçin aýawly
saklamaga ýardam berýär. Diýarymyzda alnyp barylýan giň möçberli ekologiýa
çäreleri diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetiň durnukly
ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de
ekoulgamlaryň uzak möhletleýin durnuklylygyny kepillendirmäge kuwwatly esas
bolup hyzmat edýär.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi şu gezekki
ekologiýa çäresiniň üstünlikli geçmegi, şeýle hem Hasyl toýy bilen dabara
gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdiler.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde türkmen
topragynyň berekedini we sahawatyny, türkmen daýhanynyň yhlasly zähmetini
alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Bu iki dabaranyň gabat gelmegi
halkymyzda aýdylýan «Toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen sözleriň aýdyň beýanyna
öwrüldi.
Ählihalk
bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere
bolan höwesini we jebisligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli
işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli
ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Şu
gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak bilen bir hatarda, ozal
bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi
seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde
wajyp ähmiýete eýedir.
Bag
ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Tutuş
ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 537 müň 900
düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny
arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 947 müň 396
düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Şeýlelikde,
bu giň möçberli çäre ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky
gurşawy goramak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara
goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.