Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan
adyndaky milli drama teatrynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk
çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri hasaplanýan «Ýylyň parlak
ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet
ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa
baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň
öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş
estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Welaýat we şäher derejesinde birnäçe saýlama
tapgyrlarda geçirilen döredijilik bäsleşigine ýaş zehinleriň köpüsiniň
gatnaşandygyny bellemek gerek. Deslapky tapgyrda teletomaşaçylaryň we
radiodiňleýjileriň köp sanlysy iň zehinli aýdymçylara ses berdiler. Emin
agzalary bäsleşige gatnaşýanlaryň içinden aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik
babatda has tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses
toplan dalaşgärleri saýlap aldylar. Olaryň birnäçesi eýýäm Türkmenistanda
geçirilen dürli festiwallarda çykyş edip, ýeterlik tejribe toplan
aýdymçylardyr.
Ine, bu gün bolsa bäsleşigiň
jemleýji tapgyryna badalga berildi. Onuň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň
berýän seslerine gönüden-göni baglydyr. Jemleýji tapgyra çykan aýdymçylaryň
hatarynda tomaşaçylar köpçüliginiň arasynda tanalýan aýdym-saz toparlarynyň
aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňler gurnaklaryna
gatnaşyjylar, oba ýerlerinden gelen, uly sahnada ilkinji gezek çykyş edýän
zehinli aýdymçylar bar. Iň ökde, zehinli ýerine ýetirijiler indiki tapgyra
çykmak we «Türkmen owazy» teleýaýlymy arkaly giň köpçüligiň öňünde çykyş etmek
mümkinçiligine eýe boldular. Bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemäge aýdym-saz
sungatynyň ussatlary gatnaşdyryldy.
Eminler hökmünde
teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine
ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berip, tapawutlanan aýdymçy üçin SMS
ibermek we jaň etmek arkaly ses berdiler. Giň halk köpçüliginiň bu çärä
gyzyklanmasy hem-de görkezen işjeňligi onuň jemleýji tapgyryna aýdym-saz
sungatynyň iň ökde wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Olardan iň
tapawutlanan 10 aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga saýlanyp alyndy. Emin
agzalarynyň düzümindäki türkmen aýdym-saz sungatynyň meşhur sahna ussatlary,
geçen ýyllardaky bäsleşikleriň ýeňijileri, medeniýet işgärleri, kompozitorlar,
şahyrlar aýdymçylaryň çykyşlaryna baha bermek, bar bolan seslere öz sesini
goşmak üçin ýygnandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar geljekde
döredijilik ýolunda uly ähmiýete eýe boljak aýgytlaýjy pursadyň ähli
jogapkärçiligini duýup, özlerini goldan tomaşaçylaryň ynamyny ödemek üçin
baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar.
Şunda gatnaşyjylar üstünlik gazanmagyň ilkinji şerti bolan ses başarnyklary
bilen birlikde, sahnada özlerini alyp baryşlaryny hem görkezdiler. «Ýylyň
parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki
aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, onda aýdymçylaryň sesiniň
arassalygyna, owazyna üns berildi. Munuň özi olaryň şahsy artistlik ukybyny,
tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Şunda
aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary we diňleýjileriň hoşniýetli goldawlary
sazyň ornuny tutdy. Şeýle-de bäsleşigiň dowamynda dürli žanrdaky häzirki zaman
estrada we halk aýdymlary, söýgi, watançylyk aýdymlary ýaňlandy.
Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe
sagatlap dowam etdi. Oňa gatnaşan aýdymçylar birek-biregi goldap, tüýs ýürekden
üstünlikleri arzuw etdiler. Gatnaşyjylaryň her bir çykyşy tomaşaçylaryň gyzgyn
el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Aýdymçynyň çykyşyndan soňra, meşhur
artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk
maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen
sesleri sanalandan soňra, alypbaryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we
baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, 2025-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy»
döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Hojimyradowa boldy we oňa göçme kubok
hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde
birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary
eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle
hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji
tapgyryna gatnaşan ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylar «Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy.