Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde
höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!»
telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş zehinleriň arasynda meşhur
bolan bu döredijilik gözden geçirilişi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde,
ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
bilelikde guramagynda geçirilýän bäsleşik ýaşlaryň döredijilik
mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy
hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam berýär. Ol soňky
ýyllarda köp sanly täze ýyldyzlaryň ýüze çykmagynda möhüm orna eýe boldy.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň
jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin paýtagtymyzyň
köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Hemmeler hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagyny
uly üns bilen diňlediler. Bellenilişi ýaly, sungat äleminde yz goýmak ussatlygy
talap edýär. Aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýetmek üçin meşhur halypalaryň
ýerine ýetirijilik aýratynlygyny öwrenmek, halypa-şägirtlik mekdebini geçmek
esasy zerurlykdyr. Halkyň kalbyna ornan aýdym-sazlar milli medeniýetimiziň
genji-hazynasydyr. Şol hazynany baýlaşdyrmak bolsa ýaş aýdymçylarymyzyň
mukaddes borjudyr. «Aýdymçy ýaşlar, siz öz tebigy sesiňiz, ýerine ýetirijilik
aýratynlygyňyz bilen sungat äleminde öz ornuňyzy tapmalysyňyz! Gözbaşyny
asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň geljekki
ösüşleri size baglydyr. Biz aýdymçy ýaşlarymyzyň — siziň geljegiňize uly umyt
bildirip, watandaşlarymyzyň göwünlerini ganatlandyrýan aýdymlary belent heňde
ýerine ýetirjekdigiňize hem-de milli sungatymyzyň bütin dünýädäki meşhurlygynyň
artmagyna öz goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýarys» diýip, döwlet
Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzda Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda yglan edilen
bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.
Bu bäsleşikler döredijilik we sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanýan ýaş
zehinleriň ýüze çykarylmagy, olaryň höweslendirilmegi, ussatlyk ýoluna gadam
basmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini
görkezýär. Şolaryň hatarynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem höwesjeň
aýdymçy ýaşlary aýdym-saz sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň hatarynda Diýarymyzyň ähli
künjeklerinden döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw
mekdepleriniň talyplary, medeniýet ulgamynyň, beýleki pudaklaryň işgärleri bar.
Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň dowamynda iň mynasyp
wekiller saýlanyldy.
Häzirki wagtda milli medeniýetimizi
we sungatymyzy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň
döredijilik taýdan kämilleşmekleri babatda ähli şertler döredilip, döwrebap
medeniýet merkezleri gurulýar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň aglabasy
başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar. Döredijilik bilen
meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply, zehinli
ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba
medeniýet öýlerinde döredijilik ukyplaryny ýüze çykardylar.
Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda
geçirildi. Onuň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji
tapgyra çykan aýdymçylara bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine
barýan ýolunda möhüm badalga bolan bolsa, tomaşaçylar üçin ýaş zehinler bilen
tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda,
ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň hersinden ýaş
zehinleriň 2-si jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Netijede, «Ýaňlan,
Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda iň ökde ýaş aýdymçylaryň 14-si
bäsleşdi. Olar nusgawy, halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda,
gatnaşyjylaryň döredijilik çykyşlary sazly görnüşde ýaňlandy. Şunda olaryň
aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada
özüni alyp barşy-da göz öňünde tutuldy. Emin agzalarynyň öňünde ýeňil bolmadyk,
zehinliden zehinli ýaş aýdymçyny saýlamak wezipesi goýuldy. Şanly sene
mynasybetli bäsleşigiň jemleýji tapgyryna we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle
gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetinde
halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň
mysalydyr.
Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň
ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyzlyk şanyna ýaňlan, ýaňlan,
Diýarym!» atly aýdymy konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik
gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar
Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde aýratyn dabara bilen gurşalan açyk
sahna meýdançasynda gezekli-gezegine çykyş etdiler. Olaryň arasynda eýýäm
aýdymlary söýlüp diňlenilýän belli aýdymçylar hem bar. Olaryň birnäçesi köpöwüşginli
şekilli aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň arasynda ykrar edilýär. Ýaş
ýerine ýetirijiler häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly
çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň
döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar
paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny aýratyn ussatlyk bilen
ýerine ýetirdiler.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň
guramaçylary yzygiderli goldawlaryň we aladalaryň netijesinde bu çäräniň ýaş
zehinleriň barha köp sanlysyny öz hataryna çekýändigini hem-de olaryň hünär
ussatlyklarynyň derejesini görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Bäsleşige
gatnaşyjylar aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzy, halkymyzyň köpasyrlyk
taryhyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşleri, bu ösüşleriň janly keşbine
öwrülen behişdi bedewleri, tebigat gözelligini, ene topraga söýgini wasp edýän
halk hem-de döwrebap aýdymlary ýerine ýetirdiler. Käbir ýerine ýetirijiler
nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden
aýdymlaryny hödürlediler. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur
eserleri-de girizildi. Olarda häzirki zaman äheňleri, gadymy halk mukamlary
sazlaşykly utgaşdy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, halkymyzyň
ruhy-medeni hazynasyny baýlaşdyrýan aýdym-saz eserleriniň dowamatlylygy ýaş
aýdymçylaryň döredijiliginde, aýdymlarynda we sazlarynda öz beýanyny tapýar.
Her bir aýdym-saz çykyşy kompozisiýasy, usuly, özboluşly ýerine ýetirilişi
bilen tapawutlandy hem-de tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Sahnada bäsleşigiň jemleýji tapgyryna
gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem bar. Olaryň
köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi many-mazmuna, baý döredijilik
durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Bäsleşige gatnaşyjylar ata Watanymyzyň mundan
beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli sungatymyzy şöhratlandyrmagyň bähbidine ägirt
uly özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallygyň joşgunly beýany bolan aýdymlary ýerine ýetirdiler. «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygynyň
şanly 35 ýyllygyny baýram edýän Watanymyza bagyşlanan aýdym konsert
çykyşlarynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň
jeminiň jemlenilmegi we ýeňijileriň yglan edilmegi iň tolgundyryjy pursat
boldy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda 7 sany ýeňijiniň ady
yglan edildi. Olar ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn
zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna
gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar
gowşuryldy.
Ýeňijiler döredijilikli zähmet çekmäge, hünär
ussatlygyny ýokarlandyrmaga ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny
beýan etdiler.