milli goshun logo
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
07.09.2025 113 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 14-si gatnaşdy.

Sungat ussatlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň çykyşlary ýurdumyzda geçirilýän dürli mazmunly çärelere aýratyn öwüşgin çaýýar. Şunuň bilen baglylykda, «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň sahnasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan bu döredijilik bäsleşigi hem aýdym-saz muşdaklary üçin ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýaş aýdymçylaryň arasynda yglan edilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde her ýyl geçirilýär.

Zehinli ýaş aýdymçylaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda ata Watanymyzy, tebigatymyzyň gözelligini we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döredijilik bäsleşigi üç tapgyrda geçirildi. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar aýdymlary sazly we sazsyz görnüşde ýerine ýetirdiler. Olaryň çykyşlaryna ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlaryndan düzülen eminler topary baha berdi. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygyna, sahnada özüni alyp barşyna hem baha berildi. Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryndan saýlanyp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary aýdymçylar üçin aýdym-saz dünýäsine aralaşmakda möhüm badalga boldy. Deslapky tapgyrlaryň ýeňijileriniň bilelikdäki konserti Türkmenistanyň dürli künjeklerinden iň gowy ýaş ýerine ýetirijileri birleşdirip, birnäçe aýlap dowam eden döredijilik bäsleşiginiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Konsertiň başynda jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym döredijilik çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra ýaş aýdymçylar nusgawy we häzirki zaman aýdym-sazlaryny özünde jemleýän joşgunly çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler.

Jemleýji tapgyryň konsertine meşhurlyk gazanan ussat aýdymçylar we geçen ýyllaryň gözden geçirişleriniň ýeňijileri hem çagyryldy. Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde joşgunly ýaňlanan we konsertiň özboluşly jemlenmesine öwrülen «Alkyşnama» atly aýdym ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, milli sungatymyzy belende götermek ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza bagyşlandy.

Soňra bäsleşigiň jemi jemlenildi. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijiler yglan edildi we olara ýörite diplomlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.