09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýagty geljek ýaşlar bilen
Ýagty geljek ýaşlar bilen
16.11.2021 122 Habarlar | Harby özgertmeler

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Ýaşlar guramasynyň işjeňlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaşlaryň hünär başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini nygtadylar. Şeýlelikde, paýtagtymyz Aşgabat we welaýatlarymyz boýunça zehinli, hünärine ezber ýaşlaryň 62-si şahadatnamalar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Bu dabara mynasybetli guralan sergi köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşlerini, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän sungat eserleri dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

«Milli goşun».