Ýurdumyzda
her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry
geçirildi. Türkmen alabaýlarynyň çekeleşikli hem gyzykly görnüşde geçen halkara
gözden geçirilişinde Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Wepaly atly
naýbaşy tohum alabaýynyň ýeňiji bolmagy Watan goragçylarynyň baýramçylyk
şatlygyny has-da artdyrdy.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan, Wepaly
atly alabaýyň kemal tapan ýeri – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýy»
merkeziniň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy uly leýtanant Orazmyrat
Saparow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Dana halkymyz «It geldi — gut geldi», «Itim – gutum»
diýip, wepaly alabaýyny bagtyna, yranmaz döwletine deňäpdir. Şonuň üçin
hem halkymyzyň milli
tejribesinde alabaýlary idetmegiň özboluşly usuly bize miras galypdyr. Şonuň netijesinde,
türkmen itşynaslyk sungatynyň ajaýyp miwesi bolan alabaýlarymyz dünýädäki tohum
itleriň arasynda
iň gadymy,
synalary ýerbe-ýer hem-de häsiýeti boýunça ynsana mährem, agrasdan mylakatly,
edermen tohum ite öwrülipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmen alabaýy»
atly kitabynda belleýşi ýaly, alabaýlar çagalygyň iň wepaly
dosty. Mende hem türkmen alabaýlaryny idetmäge, saklamaga höwes çagalygymdan
döredi. Agam Döwlet, inim Kuwwat, oglum Rejepguly hem itşynaslyga, türkmen
alabaýlaryny idetmäge aýratyn gyzyklanýar. Neberämizde öz döwrüniň
atly-abraýly, edermen, eýesine ençeme kynçylyklarda kömek eden wepaly
alabaýlary ýetişdiren itşynaslar bolupdyr. Harby gullukçy bolmak bilen
itşynaslyga bolan söýgim has-da sazlaşdy. «Işleseň, il tanar», «Hünär eýesini
eziz eder» diýýär halkymyz. Geçen ýylda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gol
çeken resminamasyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen
hormatly ada mynasyp bolmagymy asylly hünärimize belent sarpa hökmünde kabul
etdim. Indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen
alabaýy» merkezinde naýbaşy tohum alabaýlaryny yhlas bilen ýetişdirýäris. Olar Ýaragly
Güýçlerimiziňň harby bölümlerinde, birliklerinde gulluk maksatly peýdalanylýar,
ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyza gatnaşdyrylýar, her ýyl mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň toýy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň bezegine
öwrülýär.
Türkmen
alabaýlarynyň wepalylygy, üşükliligi, edermenligi, çydamlylygy harby gulluk
maksatly işlerde hem örän netijeli ýardam berýär. Türkmen alabaýy – merdana
Watan goragçysynyň wepaly ýoldaşy. Edil beýleki
harby we hukuk goraýjy edaralarda hem-de welaýat merkezlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýy» merkezinde-de alabaýlarymyzy
talabalaýyk idetmek, olary dürli ýaryşlara mynasyp derejede taýýarlamak üçin
ähli şertler döredilendir.
Garagöz hem Sarygül diýen alabaýlaryň nesli
bolan, 2021-nji ýylda doglan Wepaly atly alabaýyň şu abraýly bäsleşikde ýeňiji
bolmagy yhlasymyzy myradyna gowşurdy. Alabaýlary idetmek we olary bäsleşiklere
taýýarlamak irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýän hysyrdyly iş. Munuň özi
idedilýän alabaýyň ýaly,
suwy berlende-de, ony ir säher ýa-da giç agşam gezime çykaranda-da, halanylýan
häsiýetler bilen birlikde eýesiniň berýän tabşyryklaryny kemçiliksiz ýerine ýetirmek
endikleri öwredilende-de dykgatly bolmalydygyny, her bir hereketiňi edebe ýugrulan
mähir bilen ýerine ýetirmelidigini aňladýar.
Bu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramynda Wepaly diýen
alabaýymyz bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagym ýeneki
ýyllarda-da şeýle edermen hem wepaly alabaýlary ösdürip ýetişdirmek üçin
arman-ýadaman zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Ajaýyp toý gününde ýetişdiren
alabaýymyzyň hormatly Prezidentimiziň baş baýragyna – «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulaga, «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» atly göçme kubaga,
ýörite medala, diploma mynasyp bolandygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza,
Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn
ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletli
tutumlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Geljekde-de
türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny artdyrmaga, Watan goragy ugrundaky asylly gullugy
birkemsiz alyp barmaga mynasyp goşant goşjakdygymyza ynandyrýaryn.