Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralar Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň düzüminde eziz Watanymyza ak ýürek bilen wepaly gulluk
edýän harby gullukçylary we işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hünär
derejelerini bermek hem-de nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak dabarasy
boldy. Halkymyzyň
abadan durmuşyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň serhet çäklerini mynasyp derejede
goramakda, pederlerimizden gelýän mertlik, edermenlik, watanperwerlik ýaly
belent häsiýetlere ygrarlylykda we harby borja wepalylykda tapawutlanan harby
gullukçylara döwlet sylaglaryň gowşurylyp, ýörite harby atlaryň dakylmagy,
hünär derejeleriniň berilmegi eziz Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda
aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola
äşgär etdi.
Döwlet sylaglaryny uly hormat bilen kabul eden Watan goragçylary döwlet
baýdagymyza togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Sylaglanan harby
gullukçylar mukaddes borja wepalylyk bilen, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň dabaralanmagy ugrunda yhlaslaryny
gaýgyrman gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar hem-de yhlasly gulluklaryna berlen
uly baha üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini
aýtdylar.