milli goshun logo
Başlary buýsançly, kalplary arzuwly ýaş watançylar
Başlary buýsançly, kalplary arzuwly ýaş watançylar
1 gün öň 11 Harby özgertmeler

Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň, Alp Arslanyň, Soltan Sanjaryň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyna badalga berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy, Watanyň wepaly ogly, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline hem-de «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäreleri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebindäki dabara aýratyn many-mazmun berdi. «Soňky jaň» dabarasynyň buýsanjy baş şäherimiz Aşgabadyň gününiň şatlygy bilen ajaýyp sazlaşygy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýyny döretdi.

Soňra «Soňky jaň» dabaralary başlangyç harby bilim ojaklarynyň nyzam meýdançalarynda ýaýbaňlandyryldy.

Ilki bilen ýurdumyzyň Döwlet senasy buýsançly ýaňlandy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň mekdep okuwçylaryna baýramçylyk Gutlagy diňlenildi. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň göreldeli uçurymlary deň-duşlaryny we beýleki synplaryň harby okuwçylaryny ajaýyp sene bilen gutladylar. Ýaş watançy uçurymlaryň ene-atalarynyň baýramçylyk gutlagynda hem merdanalygyň milli mekdebini geçen perzentlerine buýsançly ýürek sözleri öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň görkezme çykyşlary, nyzamlary emelleri hem dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. «Soňky jaň» baýramy mynasybetli dabaralarda ýaňlanan aýdymdyr sazlar uçurymlaryň göwnüni ganatlandyrdy.

Milli goşunymyz üçin başlangyç harby taýýarlygy geçen ýaş watançylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň uçurymlary baýramçylyk dabarasynda nyzam meýdançasynda buýsançly başlaryny belent tutup, nyzamly ýöräp geçdiler. Bu ajaýyp hem buýsançly pursatlara olaryň ata-eneleri we beýleki dabara gatnaşyjylar şaýat boldular. Watan goragynyň ýaşajyk gerçekleriniň gözlerinde uçganaklaýan şatlyk alamatlary, eginlerindäki ak harby okuwçy lybasy olary has-da dogumly görkezýär.

Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň «Soňky jaňynyň» owazy harby okuwçylar üçin örän özboluşly ýaňlandy. Bu buýsançly ahwalat olaryň ýurt goragçysy adyny almak ýolunda bir basgançak belende galandyklaryny buşlaýar. Gutardyş we döwlet synaglaryny üstünlikli geçenlerinden soňra, harby mekdepleriň uçurymlary üçin has-da jogapkärçilikli, aýgytly döwür başlanýar. Çünki harby mekdepleriň uçurymlary saýlan hünärinden ýokary bilim almaga ýa-da çagyryş boýunça harby gulluga taýýarlanýarlar. Bu ýolda olara başlangyç harby bilim ojagynda alan bilimi, özleşdiren harby taýýarlygy bilen birlikde mugallymlaryň öwüt-nesihatlary hem ýol-ýörelge, çelgi bolar.

Ýaş watançy uçurymlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdikleri barada ynandyrdylar.

Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!

«Soňky jaň» dabarasynyň täsirli pursatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar bilen «Multimedia» bölüminde tanşyp bilersiňiz!

 «Milli goşun».