Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur
kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly
konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki
döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda milli medeniýetimizi ösdürmäge we
bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär,
daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de
döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi
halkymyzyň durmuşyny ruhy mazmun bilen baýlaşdyryp, ildeşlerimizi her bir işde
belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Köp sanly döwletleriň Medeniýet
günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, geçmiş taryha, milli mirasa
bagyşlanan ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli
işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ussat
kompozitor Weli Muhadowyň döredijiligini içgin öwrenmek we geljek nesillere
ýetirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan
etdiler.