milli goshun logo
Watanyň wepaly ogly Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi geçirildi
Watanyň wepaly ogly Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi geçirildi
5 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde badalga aldy. Ir säher bilen bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, harby gullukçylar, harby talyplardyr harby okuwçylar Watanyň wepaly ogly, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini goýdular.

Watan gullugynda bolup, onuň hyzmatyna ömrüni bagyş eden gahrymanlaryň hatyrasy, durmuş ýoly ýüreklerde baky ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew merdi-merdanalygyň, pähim-parasatlylygyň, watansöýüjiligiň hakyky nusgasy bolup, halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny buýsanç bilen götermegi merdana Watan goragçylaryna bildirilýän belent ynamyň, sylag-hormatyň aýdyň nyşanydyr. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze, döwrebap binalar toplumy bolsa başlangyç harby taýýarlykly ýaş watançylary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň harby gullukçylary öz ene topragynyň hakyky watançysy, söweş meýdanlarynyň merdana esgeri, parahatçylyk döwründe ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş eden Berdimuhamet Annaýewiň şöhratly durmuş ýolyny Watanymyza hem-de mähriban halkymyza wepaly gulluk etmegiň beýik mekdebi hasaplaýarlar.