Ýüregi «Watan» diýip urýan ýaşlar Watanymyzyň ösüşine, rowaç menzillerine özleriniň mynasyp goşandygyny goşýarlar. Muny 2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynda-da aýdyň görmek boldy. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan zehinli ýaşlardan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, mekdep okuwçylarydyr talyplary bolup, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlygy boýunça hünärmeni kapitan Şamyrat Kürräýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň çagyryş boýunça harby gullukçysy hatarçy Maksat Meredow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy hatarçy Kadyrberdi Geldimyradow dagy hormatly baýraga mynasyp boldular.
Bu günki gün ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmakda uly mümkinçilikleriň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller hakyndaky aladasynyň aýdyň güwäsidir. Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan watançy ýaş nesiller şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
«Milli goşun».