Bitarap
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak
ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramaga,
howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan
uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri,
söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar
Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk
edendiklerini, çeken halal zähmetini hem-de döwletiň, jemgyýetiň öňünde bitiren
aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly
üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir
topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.
***
Mukaddes harby
borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny
pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk
tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz
öňünde tutup, şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir
toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.