milli goshun logo
Watan goragçylarynyň baýramçylyk sowgady
Watan goragçylarynyň baýramçylyk sowgady
27.01.2023 3220 Harby özgertmeler

27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlary bilen dowam etdi. Berkarar Watanymyzy, hormatly belent Serkerdebaşymyzyň  durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän şirin owazlar maslahata gatnaşýan harby gullukçylaryň watançylyk ruhuny belende göterdi. Taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýalar Watan goragçylarynyň döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny alamatlandyrdy. Her bir çykyş Watan goragçylarynyň ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar uly joşgun bilen bilelikde «Dogum Siz!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler. Bu aýdym Ýaragly Güýçlerimiziň binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap harby özgertmeleri durmuşa geçirýän, ata Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan merdana ýurt goragçylary hakynda aýratyn alada edýän hormatly belent Serkerdebaşymyza hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.

Çykyşlardan soňra ähli Watan goragçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Ýüzlenme kabul edildi.

Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglary gowşuryldy, ýörite harby atlar atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Harby gullukçylaryň ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy ýurdumyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär. Çünki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişligi boýunça ygtybarly goragyny üpjün edýärler. Şeýle asylly wezipäni ýerine ýetirýän harby gullukçylara halkymyzyň buýsanjy çäksizdir.

Sylaglanan harby gullukçylar harby kasamy kabul edip, mukaddes borja wepalylyk bilen hormatly belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň dabaralanmagy ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

«Milli goşun».

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!