Geçen
hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda
geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Daşary
ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Birleşen Arap
Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň
geleşikleriniň esasyny düzdi. Owganystanyň we Özbegistanyň işewür
toparlarynyňwekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen
kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyňwe BAE-niň telekeçilerine tüýjümek
önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň13 million 576
müňdollaryndan gowrak boldy.
Russiýanyň,
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň
telekeçileri jemi bahasy 800 müň manada golaý nah ýüplügi we el halylaryny
satyn aldylar.
Ýurdumyzyň
işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 654 million 499 müňmanatdan gowrak
bolan «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni,
şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.