Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we
Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy
tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Onuň çäklerinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Azerbaýjan
Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara
howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň
(Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola
goýmak hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary
döwlet gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň
arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet
gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda
raýat awiasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Teswirnama;
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen «Özbek respublikan
haryt-çig mal biržasy» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň,
Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de
Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika
hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler. Resminamada üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat etjekdigi baradaky pikir beýan edilýär.