milli goshun logo
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy açylyp ulanmaga berildi
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy açylyp ulanmaga berildi
1 gün öň 40 Habarlar

Şu gün Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, serkerdeler hem-de esgerler gatnaşdylar. Täze binalar we desgalar toplumynyň döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berilmegi ýurt parahatçylygymyzyň goragynda sak durýan merdana Watan goragçylarynyň hünär baýramyna mynasyp sowgat boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçarda täze toplumyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine gelmegi bilen, bu ýere ýygnananlaryň şowhuny has-da belende göterildi. Bu ýerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada hasabat berenden soň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy binalar we desgalar toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde Döwlet senamyz belentden ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi hem-de täze binalar we desgalar toplumynyň ulanyşa berilmegine ak pata berdi.

Milli goşunymyzyň harby bölümleriniň «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze, döwrebap binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, medeniýet öýünden, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin amatly mümkinçilikleriň ählisi göz öňünde tutulandyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan nepis türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dolandyryş binasyndan çykyp, esger ýatakhanasyna bardy we bu ýerde çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Esger ýatakhanasynda otaglaryň ýagtylandyrylyşy, howany sowadyş we ýyladyş ulgamlary talabalaýyk ýola goýlupdyr. Ýatakhanada ýerleşdirilen mebelleriň, hojalyk tehnikalarynyň hem-de beýleki esbaplaryň ählisi döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, çagyryş boýunça harby gullukçylar ýatakhananyň içinde göwnejaý dynç almaga, milli teleýaýlymlara tomaşa edip, ýurdumyzdaky täzeliklerden habarly bolmaga mümkinçilik alýarlar. Ýatakhananyň içinde gündelik lybaslary we sport eginbaşlaryny, okuw esbaplaryny hem-de ýuwunyş serişdelerini saklamak üçin niýetlenilen döwrebap tekjeler ýerleşdirilipdir. Bu ýerde ýuwunmak, timarlanmak üçin otaglar, egin-eşikleri saklamaga niýetlenilen goşhana, durmuş taýdan hyzmat ediş otagy orun alypdyr. Ýatakhananyň çäginde hereket edýän «Galkynyş» medeni-dynç alyş otaglary bolsa çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen jemgyýetçilik-ynsanperwer taýýarlygyndan sapaklary talabalaýyk guramaga, şahsy düzümiň boş wagtlarynda çeper edebiýatlar, döwürleýin neşirler bilen tanyşmagyna, küşt-şaşka oýunlary bilen meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze toplumyň nyzam meýdançasyna tarap ugur alyp, bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan, ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan täze harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz täze toplumyň esger naharhanasyna baryp gördi. Naharhana döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň günbatar tarapynda ýerleşýän meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna tarap ugur alyp, ýolugra sport meýdançasynda hem-de päsgelçilik zolagynda ýaýbaňlandyrylan harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady.

Görkezme çykyşlary tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bina edilen harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän bu döwrebap ýaşaýyş jaýlary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen bagly işleriň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş jaýyndan paýly bolmak bagtyna eýe bolan harby gullukçynyň maşgala ojagynda myhman boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şa gadamyndan göwünleri joşan bagtyýar maşgala Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli garşylady.

Harby gullukçynyň mähriban gyz perzentleri täze jaýdan paýly bolmagyň buýsanjyny şahyrana goşgy setirleriniň hem-de «Läleleriň» üsti bilen beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.  Hormatly Prezidentimiz merdana Watan goragçylary we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjy abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde ýerleşýän Medeniýet öýi medeni-köpçülik çärelerini, döredijilik duşuşyklaryny, terbiýeçilik agşamlaryny geçirmek üçin niýetlenilen tomaşaçylar zalyny, giň we bezemen sahnany, döwrebap kitaphanany, harby bölümiň taryhyny şöhlelendirýän muzeýi, gurnaklary geçirmek üçin niýetlenen çagalar üçin okuw otagyny hem-de ähli amatlyklar bilen üpjün edilen beýleki iş otaglarynyň ençemesini özünde jemleýär.

Harby bölümiň döwrebap Lukmançylyk nokady ynsan saglygyny aýap saklamaga gönükdirilen giň mümkinçilikler toplumyny öz içine alýar. Lukmançylyk nokady saglygy goraýşyň halkara gazananlaryna eýermek esasynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin anyklaýyş, maslahat beriş otaglary bolup, olar çagyryş boýunça harby gullukçylaryň saglygyny gorap saklamaga we berkitmäge gönükdirilen mümkinçilikleriň ençemesini özünde jemleýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji şanly seneleriniň biri – Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň nobatdaky anyk mysalyna öwrüldi.