Şu günler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
bölümlerinde ýaş esgerleriň harby kasamy kabul etmegi mynasybetli dabaraly
çäreler geçirilýär. Bu däp Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Harby borçluluk
we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuna laýyklykda amala aşyrylýan
güýzki çagyryş möwsüminiň möhüm dabaralarynyň hatarynda orun alýar.
Harby kasamy kabul etmek dabaralary esgerleriň ýakyn
garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň gatnaşmagynda harby bölümleriň nyzam meýdançalarynda
geçirilýär. Ýöriş we bedenterbiýe taýýarlygyny, harby düzgünnamalary öwrenmegi,
gullugyň howpsuzlyk esaslaryny
hem-de ýaraglaryň taktiki-tehniki häsiýetnamalaryny öz içine alýan başlangyç
taýýarlyk tapgyry tamamlanandan soň, täze esgerler ilkinji gezek jemgyýetiň
öňünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini we konstitusion
gurluşyny goramak baradaky kasamy kabul edýärler.
Ýaş esgerler öz täsirlerini paýlaşanda: «Harby kasam
kabul etmek — ömür boýy ýatda galjak pursat. Meniň üçin goşunda gulluk etmek —
hormatly borç, Watan goragçylarynyň hatarynda durýandygym üçin buýsanýaryn» —
diýip, harby gulluga çagyrylan esger Maksat Geldiýew belledi.
Täze esgerleriň biri Amanmyrat Kakaýew bolsa harby gulluk
bilen ykbalyny baglamak niýetini paýlaşmak bilen: «Çagalykdan goşuna özümi
bagyşlamagy arzuw etdim. Harby gulluga çagyryşdan soň Ýaragly Güýçlerde zähmet
ýolumy dowam etdirip, Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny berkitmäge goşant goşmak
isleýärin» diýdi.
Harby kasam kabul edileninden soňra çagyryş boýunça harby
gullukçylar umumy harby we ýörite taýýarlyga girişerler, gullugyň tertibine
laýyklykda wezipelerini ýerine ýetirmäge başlarlar.
Dabaraly çäreler Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň oktýabr – dekabr aýlary aralygyndaky harby gulluga
çagyryş möwsüminiň barşynda dowam eder.