Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň
ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV
halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran
sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň
güwäsi boldy.
Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine amala
aşyran sapary haýyr-sahawat gaznasynyň halkara işiniň özboluşly dowamy boldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumyna
gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda
dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Oguljahan Atabaýewanyň
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy
Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygy gaznanyň alyp barýan işiniň möhüm
ähmiýetini açyp görkezdi.
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy
ýylyň öňüsyrasynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg
şäherine sapary Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn başlangyç
boldy.
Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet
muzeýler toplumyna baryp gördi.
«Ermitaž» dünýäniň iň belli muzeýleriniň biri bolmak
bilen, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde dürli
döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli
gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik
tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli
lybaslaryň nusgalary bar.
...«Ermitaž» muzeýi bilen tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan
Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda
adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç
üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gaznanyň wise-prezidenti bu
ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.
Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça
halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy.
Soňra ol Tawriçeskiý köşgüne geldi. «Tawriçeskiý köşgi»
döwlet toplumy Newa derýasynyň kenarynda ýerleşip, federal ähmiýetli medeni
mirasyň obýekti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde
maslahatlar, sammitler, medeni çäreler geçirilýär.
Köşgüň duşuşyklar otagynda Oguljahan Atabaýewany
Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda ýadygärlik surata
düşüldi.
Halkara gaznanyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp,
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
wise-prezidenti bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň
Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işine ýokary
baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
şu gezekki duşuşyga halkara gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly
meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat we ynsanperwer gurama
hökmünde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermegiň öz wekilçilik edýän
düzüminiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtap, bu asylly wezipäniň amala aşyrylmagynyň,
şol sanda keselleri anyklamak, öňüni almak we bejermek ýaly ugurlarda
öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydygyna ünsi
çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda anyklaýyş, bejergi işinde
ulanylýan biomedisina nanotehnologiýalary, biomedisina elektronikasy,
biomedisina kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda tejribe hem-de maglumat
alyşmagyň wajypdygy bellenildi.
Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin
uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde
toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen
utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny
nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýola goýlan dialogyň
çagalaryň saglygyny goramak ýaly umumy asylly maksadyň bähbidine mundan
beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän
«Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly
sessiýasyna gatnaşdy.
Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda
moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş
ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin söz berildi.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda
çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň
adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk
meselesine ünsi çekýändigini belledi. Oguljahan Atabaýewa halkara tejribäniň
milli derejedäki alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşýandygyny
aýdyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak
möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa gaznanyň
hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine
bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdygyny aýdyp, özara tagallalar
bilen bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň
Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça
komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.
D.Gurskaýa Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp,
haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine uly hormat goýýandygyny, gaznanyň
bejergi maksatnamalary we sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly başlangyçlarynyň
ruhlandyryjy görelde bolup durýandygyny belledi.
Wekiliýetiň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin Diana
Gurskaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çagalaryň bähbidine alyp barýan yzygiderli
işine ýokary baha berdi.
D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde
gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata
gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň
ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň
adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we
dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini belläp, onuň tejribesiniň dünýä
nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma
bildirýändigini beýan etdi.
Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite
Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi. Ol Arkadag
şäherinde gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara
maslahata Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň, şol sanda Diana Gurskaýanyň
hem gatnaşandygyny nygtady.
Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar
gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny
göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine
ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan
saglyk, alyp barýan ynsanperwer işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara
hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina
bilen duşuşdy.
«Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy myhmany mähirli
mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan galan
çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer işiniň
nusgalykdygyny belledi hem-de gazna tarapyndan milli ruhy gymmatlyklaryň
öňdebaryjy lukmançylyk çemeleşmeleri bilen utgaşdyrylmagynyň dünýä
jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýandygyny aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan
işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini
aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk
bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler wekilçilik edýän
gaznalarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyp, birek-birege alyp barýan işlerinde
üstünlikleri arzuw etdiler.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina
Matwiýenko bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň martynda
Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen
halkara maslahata Russiýanyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşandygyny aýdyp,
10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman
jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa
Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna
garaşylýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler şu günki gepleşikleriň
ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko
«Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi
ekspozisiýalaryny synladylar. Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň
ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara
hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar.
Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa
Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň
moda görkezilişine tomaşa etdi.