milli goshun logo
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
4 sagat öň 15 Habarlar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Rusiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Aşgabatda saparda boldy. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikler geçirildi.

RF-iň daşary işler ministri saparyň dowamynda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi hem-de «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdy.