14-nji oktýabrda «Akorda» köşgünde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň
arasynda gepleşikler geçirildi.
Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
giň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar
bolan kuwwaty hem-de uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, onuň ileri
tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Taraplar şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma
bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara
gol çekildi.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş
etdiler.