Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyplarynyň bir topary 29-njy iýundan 20-nji iýula çenli Pekiniň Hytaý nebit
uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribesini geçýärler.
Ýörite taýýarlanan maksatnama laýyklykda türkmen talyplary hytaý
uniwersiteti, onuň barlaghanalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen
tanyşýarlar – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Tejribeligiň dowamynda talyplar Hytaýyň milli nebit-gaz
korporasiýasyna (CNPC), onuň önümçilik desgalaryna, Hytaýyň geologiýa muzeýine,
Hytaýyň ylym we tehnologiýa muzeýine hem-de Beýik Hytaý diwaryna baryp
görerler.
Mundan başga-da, olar gysga möhletli okuw sapaklaryna gatnaşarlar.
Bu sapaklar «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaýyň medeniýeti», «Ýaşyl energetika
we uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi» we «Ýüpek ýoly
boýunça energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi» ýaly temalary öz içine alar.
Bu tejribelik çäresi 2023-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Hytaý nebit uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýär.