Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň
Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi
ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen köpugurly, uzak möhletleýin gatnaşyklaryň
ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmaga,
ynanyşmaga, açyklyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ýokary baha berýändigini we
türkmen-ýapon dialogyny ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de
ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady ugur türkmen-ýapon
hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegidir. Tebigy gaz, energetika we ulag ulgamynda
durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa şu gezekki iş saparynyň dowamynda
gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belledi. Döwlet
Baştutanymyz öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen bilelikdäki işiň toplanan
oňyn tejribesine esaslanyp, ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Medeni-ynsanperwer ugur hem
türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Şunda
ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, medeni alyşmalara aýratyn üns
berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň
arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda,
söhbetdeşler bu ugurdaky gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda mundan beýläk-de
pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Premýer-ministr Sanae Takaiti
Ýaponiýanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini we
ýurdumyza Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmekde möhüm orun
eýeleýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we pursatdan
peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilelikdäki tagallalaryň
netijesinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň,
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae
Takaitiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli duşuşygyň netijesi boýunça
bilelikdäki Metbugat Beýanaty kabul edildi.