Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş
saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy
Fukuşiro Nukaga bilen duşuşdy.
Fukuşiro Nukaga belent mertebeli myhman bilen duşuşmagyň
özi üçin uly hormatdygyny belläp, Türkmenistanyň strategik taýdan ähmiýetli
Merkezi Aziýa sebitinde Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny aýtdy
we döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil
taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-ýapon
parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde şu gezekki duşuşygyň
ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy
Fukuşiro Nukaga Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky parlamentara
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege
berk jan saglyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.