Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş
saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.
Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli
mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň
döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde
nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp,
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu
ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Imperator Naruhito döwlet Baştutanymyzy giň wekilçilikli
forumyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň halkara
giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ornuny belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň
Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny
tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin
Imperatora minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin
strategik hyzmatdaşlygyň türkmen we ýapon halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip,
birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.