20.05.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
21.01.2022 105 Habarlar

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

 Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.