Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi
däl duşuşygyna gatnaşdy.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň
möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli
ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl
duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde
hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin
mähirli garşylady. Sammitiň öňüsyrasynda oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary
«Ermitaž» muzeýine aýlanyp gördüler.
Döwlet Baştutanlary, ilki bilen, muzeýiň birinji gatynda
ýerleşýän «Altyn hazyna» zalyna baryp gördüler. Bu ýerde antik döwrüň
zergärleriniň ýasan altyn şaý-sepleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda gadymy skif
halkyna degişli bolan iki müň ýyllyk altyn önümler nepisligi bilen haýran
galdyrýar. Ikinji gatda ýerleşýän Orta Aziýa zalynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy
bilen tanyşmak bolýar. Ekspozisiýa asyrlaryň dowamynda medeniýetleriň arasynda
kemala gelen gatnaşyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gadymy döwürlerde
ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda
gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni dialogy yzygiderli ösdürmekde
hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Bu söwda ýolunyň merkezinde ýerleşýän
türkmen topragy Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrypdyr. Ýükli kerwenler
ýurdumyzyň üstünden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna geçipdirler. Bu ýoluň
ugrunda ýerleşýän Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly şäherler möhüm ylmy we medeni
merkezler bolupdyr.
Soňra dostlukly ýurtlaryň Liderleri Beýik Britaniýanyň we
Fransiýanyň sungaty bilen tanyşdyrýan zallara aýlanyp gördüler. Bu ýerde
Günbataryň meşhur suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň eserleri bilen tanyşmak
bolýar.
Soňra döwlet Baştutanlary «Leonardo da Winçi» zalyna
baryp gördüler. Bu ýerde Ýewropanyň Gaýtadan döreýiş döwrüniň beýik ussadynyň
20-den gowrak eseri saklanýar. Bu sungat eserleri çeperçilik ussatlygy we
çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýar.
Muzeý bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, GDA gatnaşyjy
ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirildi.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putin duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylary ýene-de bir
gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin
Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk
bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine
ýetirilen işleriň netijelerine syn berildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň
oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy
gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Prezident Wladimir Putin
2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi mynasybetli döwlet
Baştutanymyzy gutlady we üstünlikleri arzuw etdi.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat
goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga
üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň
netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä
çykarmagy maksat edinýändikleriniň güwäsidir. Russiýa Federasiýasynyň
Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ähli raýatlaryna
ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahary berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanlary “Ermitaž” muzeýinde konserte tomaşa etdiler.
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menziline bardy we bu ýerden
Watanymyza ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.