milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
24.04.2025 73 Habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Türkmeniň baýlygy we guwanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryňbaş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda we ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň tälimçisi Rejepdurdy Nursähedowiç Garagulowa;

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Täçmyrat Tekäýewe;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz döwlet athanasynyň atbakary Teçdurdy Täjibaýewiç Halbaýewe;

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň çapyksuwary Gaýgysyz Baýramgeldiýewiç Handurdyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.