Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli
işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we
bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag
däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän
işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça
görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli
durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn
netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil
tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda
azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny
diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu
babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda oba
hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň
hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda
toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap
tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de häzirki wagtda
seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we
ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça alnyp
barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda
dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli
öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu ugurdaky tejribesini
artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli
gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.