Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary
Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menziline gelip gondy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň
resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli
garşyladylar.
Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky
gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan
üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan bäri
ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy
işjeň ösdürýärler.
Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.