Şu
gün Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn
Al Husseýn bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler
emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige
kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly
gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini bellediler.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Iordaniýa bilen deňhukukly we özara hormat goýmak
esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, şu
duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze
ugurlaryny kesgitlemäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
«Biz
Iordaniýa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň
çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam
etdirmäge, şeýle hem parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmaga
gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardyrys» diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy hem-de häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin
uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz şeýle hem häzirki döwürde emeli aň tehnologiýalarynyň çalt
depginler bilen ösmegini nazara almak bilen, olaryň howpsuz we jogapkärli
ulanylmagyny üpjün etmek meselesiniň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň
birine öwrülýändigini belläp, Akaba prosesiniň çäklerinde bu mesele boýunça
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň
aýratyn ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Abdulla II-ni özi
üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, şu günki duşuşygyň
döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam
bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Iordaniýa Haşimit
Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn birek-birege berk jan saglyk,
alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly
halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdiler.