milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary başlandy
15.06.2022 776 Habarlar

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.