Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli
durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn
başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň
Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky
sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna öwrüler.
Türkmenistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara
hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar
baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň
ýola goýlan pursadyndan bäri bu dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we
ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini
öz içine alýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete
eýedir. Her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki
meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin
netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç
gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa
Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň
guraly hökmünde garaýar.
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär. Formatyň
ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak boýunça iş toparlarynyň
çäklerinde taraplar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we umumy meseleleri çözmek
üçin bilelikde täze çemeleşmeleri işläp taýýarlaýarlar.
Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň
telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm
bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm
ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk
hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary
ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda
hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu
ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi.
...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary
Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a iş sapary dowam edýär.