Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk
haty gelip gowuşdy.
Beýan edilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
hatynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi
bilen türkmen kärdeşini tüýs ýürekden gutlaýar. Ol bu halkara maslahatyň
Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýyl-ýyldan artýandygynyň
aýdyň güwäsidigini, forumda ösüp barýan döwletleriň, ilkinji nobatda, Merkezi
Aziýa döwletleriniň ykdysady we ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, olaryň
üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak
mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň
hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagynyň oňa aýratyn ähmiýet berendigini
nygtaýar.
— Çäräniň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul
edilmegi we Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň tassyklanylmagy biziň bu
asylly maksatlarymyza hyzmat eder. Şeýle hem Siziň bilen netijeli we açyk
dialogymyzyň özara gatnaşyklarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça
köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge kuwwatly itergi
berjekdigine berk ynanýaryn — diýip, hormatly Prezidentimize Şawkat Mirziýoýew
hatynda ýazýar.
Özbek Lideri Türkmenistanda saparda bolan wagty «Hyzmatdaşlygy
ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edýär.
— Bu ýokary sylagy diňe bir maňa we ähli özbek halkyna bildirilen sylag-hormatyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde hem kabul edýärin. Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda belleýär.