Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň
ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs
ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň
geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny aýratyn nygtaýar. Bellenilişi
ýaly, şu ýörelgeden ugur alyp, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly
ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan
iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de
sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş
ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde
täze obalar, şäherler bina edilip, halkymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri
üpjün edilýär. Bu tutumly işler ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we hemişelik
Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Munuň şeýledigine her ýyl mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady
üstünlikleriniň sergisinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Garaşsyzlygyň beýik maksatlara beslenen ösüş ýolunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimiziň binýatlyk esaslary syýasy, kanunçylyk, ykdysady taýdan has-da berkidildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ösüşler milli mirasymyz hem-de häzirki zamanyň ruhy-aňyýet talaplary esasynda ýokary derejelere ýetirildi.