Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň pudagyň
işgärlerini gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs
ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, beýleki
pudaklar bilen birlikde, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem
döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan ägirt uly
üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli
maksatnamalaryny amala aşyrmakda gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir.
Dünýäniň binagärlik we gurluşyk sungatynda deňi-taýy bolmadyk ak mermerli
Aşgabat şäherinde, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar hem-de Merkezi
Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň
gurulmagy, onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalar döwletimiziň ykdysady
kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Binagärligiň gadymdan
gelýän milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk pudagynyň üstünlikleriniň
sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan ähli desgalaryň esasy aýratynlygydyr. Munuň
özi gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini baýlaşdyrmak,
öňdebaryjy işläp taýýarlamalary özleşdirmek arkaly döwür bilen aýakdaş
ösýändigine şaýatlyk edýär.
Milli ykdysadyýetimiziň senagat we gurluşyk önümçiligi
pudagyny ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalarynyň
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alyp barýan gurluşyklaryny hem-de
ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýändigini aýratyn
bellemek gerek. Häzirki döwürde kabul edilen maksatnamalara laýyklykda,
ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine
niýetlenen iri kärhanalar gurulýar. 2024-nji ýylda Lebap we Bäherden sement
zawodlarynyň ikinji tapgyrlary işe girizilen bolsa, şu şanly ýylda Ahal
welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümini
öndürmäge niýetlenen Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň
demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän
önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň
senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga
mümkinçilik berýär.
Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän
möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna
laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp,
elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik
kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak
boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp
edijilerini oba hojalyk dökünleri, gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek babatda
netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylda pudakda Balkan welaýatynyň Gyýanly
obasynda karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek we doly gurup
tabşyrmak, Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça resminamalara
gol çekildi. Ýakynda bolsa Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral
dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy. Bularyň ählisi geljekde ýurdumyzyň himiýa
senagatynyň has-da ösmegini hem-de milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de
pugtalanmagyny şertlendirýär.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň
dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak
arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat —
Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.