Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae
Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan, özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly
halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli
ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp,
Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň
dostlukly halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli
başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.