Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym
Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda Tokio şäherinde
geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki
duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belläp, ýola goýlan ynanyşmak
dialogynyň esasynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiliklerini
bilelikde ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp,
Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň
dostlukly halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda
uly üstünlikleri arzuw etdi.