Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy
Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kenji Sanadany kabul
etdi.
Bellenilişi ýaly,
duşuşykda işewür «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistanda
işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurduň milli ykdysadyýetini
döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini
nygtady. Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp,
Türkmenistanyň Prezidentini şäheriň iki ýyllygy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kenji
Sanadanyň şu gezekki saparynyň üstünliklere beslenmegini we Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda alyp barýan işlerinde täze rowaçlyklary arzuw
etdi.
Söhbetdeşlikde iki
ýurduň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmekde ýapon
kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň «Kawasaki Heavy
Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk
edip gelýändigi, bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa
geçirilendigi barada hem aýdyldy.
Türkmen döwletiniň
Baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we
ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň «Kawasaki Heavy
Industries Ltd» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny
aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda bu iri ýapon kompaniýasy bilen
bilelikde özara bähbitli täze taslamalaryň geljekde hem durmuşa
geçiriljekdigine ynam bildirip, Kenji Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri
arzuw etdi.