milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
15 sagat öň 19 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlaryny — öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu duşuşygy geçirmek baradaky başlangyjy, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak, korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri biziň üçin milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär. Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, «ýaşyl» geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Bu taslamalar diňe bir ykdysady däl, eýsem, strategik ähmiýete hem eýe bolup, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Bilelikdäki işlerimiziň netijeleri häzirki wagtda geljege has ynamly garamaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz energetika, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak, infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, ýurdumyzyň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady. Şol bir wagtda Türkmenistan suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşypdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär. Biz senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, galyndylaryň gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de serişdeleri rejeli peýdalanmak kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Biziň «Mitsubishi», «Toyota», «Mitsui», «Sumitomo» ýaly ýapon kompaniýalarynyň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütleri we tehnologiýalary bilen oňat tanyşlygymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýapon kompaniýalaryna galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Şular bilen birlikde, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribe biziň gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak we ygtybarlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny görkezdi. Muňa döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti, birek-biregiň bähbitlerine özara düşünmek we hormat goýmak ýörelgeleri ýardam berdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Işewürler hormatly Prezidentimize wagt tapyp, şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň, onuň çäginde geçirilen duşuşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly ösüşleri gazandy. Işewür toparlaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge, galyndylary gaýtadan işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtadylar we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýlelikde, şu günki duşuşyk we gol çekilen resminamalar özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

* * *

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.