Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini
kabul etdi.
Toşimisu
Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly
hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ol pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň
Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle-de myhman Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitreme
zerarly iberen gynanç haty üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
Toşimisu Moteginiň ýurdumyza saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň
arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa
bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Iki ýurduň
arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup,
döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri
esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyz diňe bir
ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji
nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlygy alyp
barýarlar. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl,
eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa”
dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Bu dialog
birnäçe ýyllaryň dowamynda sebitde hereketleri utgaşdyrmakda netijeli gural
bolup hyzmat edýär.
Hormatly
Prezidentimiz geçen ýyl “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine
gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny, saparyň dowamynda
ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini, wajyp ylalaşyklaryň
gazanylandygyny belläp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri hanym
Sanae Takaiti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny
aýtdy.
Dostlukly
ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, döwlet
Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny
mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly
itergi berendigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda
parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen
bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň
ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu topar kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmaga,
ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary, geňeşmeleri geçirmäge ýardam edýär.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine
alýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen
Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Bu
gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine
uly orun degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «ITOCHU
Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.»
ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda köp
ýyllaryň dowamynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandygyny, bu
kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurlandygyny
belläp, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýapon kompaniýalary üçin
giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary
ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Häzirki
wagtda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeniýet ulgamynda özara bähbitli
hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň,
sergileriň, beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň daşary
işler ministri Toşimisu Motegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.
* *
*
Ýurdumyzyň
daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ýaponiýanyň daşary işler
ministri Toşimisu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk
geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de
ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary
derejede yzygiderli ýagdaýda geçirilýän duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň
ösdürilmegine uly itergi berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran
saparlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Gepleşikler
tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Ýaponiýanyň
Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027 — 2029-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk
Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.