Şu gün
paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler
toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny
berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag
şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar
gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň
öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly,
ýakynda Gahryman Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň keramatly Gadyr gijesiniň
öňüsyrasynda ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, dili senaly eneleriň,
welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda agzaçar
sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläpdi. Milli Liderimiziň
nygtaýşy ýaly, munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly
ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Şunuň bilen
baglylykda, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we
Arkadagly hajy Serdarymyz bilelikde agzaçar sadakasyny berdiler.
Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň
hormatyna agzaçar sadakasynyň berilýän ýerine geldiler. Bu agzaçar sadakasynyň
berilmegi keramatly aýyň sogabyny artdyryp, keremli günleriň ýagşy dessurlara
beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halky
Oraza aýyna aýratyn hormat-sarpa bilen garap, gadymy döwürlerden bäri ony
mukaddes saýyp gelýär. Asylly işler hem-de ynsanperwer ýörelgeler amal edilýän
mukaddes aýyň her bir güni sogap işlere beslenýär. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy
dessurlara laýyklykda, şäherlerde we obalarda agzaçar sadakalary berilýär. Onda
milli tagamlar taýýarlanyp, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar
durmuşy barada doga-dileg edilýär.
Paýhasly
pederlerimiz taryhyň dowamynda dünýä nusgalyk baý medeni mirasy, milli
gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary kemala getirdiler. Oraza aýyna we
haýyr-sahawatyň mübärek gijesi hökmünde ykrar edilen Gadyr gijesine aýratyn
hormat goýulýar. Ol gün kerem-keramatyň gijesi hasaplanypdyr. Gadyr gijesiniň
öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beren agzaçar
sadakasy asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň häzirki döwrüň ruhuna kybap
derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi.
Mukaddes Oraza
aýynyň dowam edýän günlerinde, aýratyn-da, mübärek Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda
durmuşa geçirilýän asylly işler halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelere
ygrarlydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy
ýaly, ýurdumyzda hem sogap işler amal edilýär. Oraza aýynda agzaçar
sadakalarynyň berilmegi asylly däpdir.
...Hajy
Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Diýarymyzda
milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini,
raýatlarymyzyň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dilegleri
edýändiklerini nygtady we şu gün hem halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine
eýerilip, Remezan aýynda agzaçar sadakasyna jemlenilendigini belledi. “Bilşiňiz
ýaly, ertir — mukaddes Gadyr gijesi. Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam
dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk
baglydyr. Mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek hem asylly, sogap
işleriň biridir” diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy hem-de mübärek Oraza aýynda
tutulýan orazalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul
bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz
çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň
we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň
dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, sadaka
gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden
alyp gaýdýan, döwürleri hem-de nesilleri baglanyşdyrýan milli däp-dessurlaryň
häzirki döwürde dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Jemgyýetiň ruhy
sagdynlygyny pugtalandyrmak, ahlak kämilligine ymtylmak, taryhy-medeni mirasa
sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däplerini häzirki
döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürmek hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Pederlerimiz
Oraza aýyny aýlaryň ýagşysy, Gadyr gijesini bolsa gijeleriň serweri hasaplapdyrlar.
Ony agzybirlikde, ýagşy niýetler, iň gowy umyt-arzuwlar bilen garşy alypdyrlar.
Häzirki döwürde bu ýörelgeleriň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet
berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryň esasynda sazlaşykly
ösdürilmeginde aýratyn orna eýedir.
Häzirki wagtda
jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň berkidilmegine uly üns berilýär. Hormatly
Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik
işler halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna
gönükdirilendir.
...Agzaçar
sadakasynda dürli tagamlardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi
aýat-töwir okady.
Hajy Arkadagymyz
agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we halkymyzyň
hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegleriň, okalan
aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
“Halk hakydasy”
ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň
beren agzaçar sadakasy pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde
mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine
nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky aýdyň
nyşanyna öwrüldi.