milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady
16 sagat öň 26 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýandygy, bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň hatarynda durýandygy nygtalýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň iýul aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.