Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky
halkara baýragyň eýesi Amangözel Şagulyýewa 85 ýaş ýubileýi mynasybetli Gutlag
hatyny iberdi.
Beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda:
«Biz Siziň mähriban Watanymyzyň beýik
ösüşlerini, döwrümiziň taryhy wakalaryny wasp edip ýazýan goşgularyňyza we
poemalaryňyza örän guwanýarys. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelerde,
şeýle-de teleradioýaýlymlarda Siziň sözleriňize döredilen aýdymlary sungat
ussatlarymyz uly joşgun bilen ýerine ýetirýärler.
Siziň ýazýan eserleriňiz ýurdumyzyň ýaş
nesillerini watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirlik,
ynsanperwerlik, halallyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir»
diýip ýazýar.
Hormatly
Prezidentimiz Gutlagynda belleýşi ýaly, şahyr Amangözel Şagulyýewa köp ýyllaryň
dowamynda kämil eserleri döredip, Watana, halka ak ýürekden hyzmat etdi. Özüniň
ukyp-başarnygyny, yhlasly zähmetini edebiýata bagyşlady. Döwletiň
özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkyň agzybirligini, ýurduň abadançylygyny
wasp etmekde alyp baran giň gerimli işleri, Watan öňündäki bitiren hyzmatlary
nazara alnyp, oňa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent dereje berildi,
«Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem ol
Magtymguly adyndaky halkara baýragyna, birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp
boldy.
Şahyr türkmen edebiýatynyň gazananlaryny
dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge, daşary ýurtly okyjylary türkmen şygryýeti
bilen giňden tanyşdyrmaga hem uly goşantlary goşdy. Ol dünýäniň onlarça
ýurdunda geçirilen çärelerde çykyş etdi, dünýä döwletleriniň meşhur
ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline terjime etdi.
«Siziň geljekde hem ussat şahyr hökmünde ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzy döredijiligiň ak ýoluna ruhlandyrjakdygyňyza, kämil eserleriňiz bilen bagtyýar halkymyzy begendirip durjakdygyňyza ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlag hatynyň ahyrynda nygtaýar.