milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
06.12.2023 457 Habarlar

Düýn – 5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk oňyn tejribä daýanyp, uzak möhletlilik, özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.